Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Material rezerwler baradaky döwlet uprawleniýesini ýatyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Material rezerwler baradaky döwlet uprawleniýesini ýatyrmak hakynda
030.040.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 7, 448-madda)
1. Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Material rezerwler baradaky döwlet uprawleniýesini ýatyrmaly.
2. Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky ýatyrylan Material rezerwler baradaky döwlet uprawleniýesiniň «Saturn» kombinatyny we harby-mobilizasion hem-de döwlet rezerwini jogapkär saklamak punktlaryny Türkmenistanyň Material-tehniki üpjünçilik baradaky komitetine bermeli.
3. Türkmenistanyň Hökümetiniň ýanyndaky ýatyrylan Material rezerwler baradaky döwlet uprawleniýesiniň wezipelerini Türkmenistanyň Material - tehniki üpjünçilik baradaky döwlet komitetiniň üstüne ýüklemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 30-nji iýuly
№ UP-518