Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnama üýtgetmeler girizmek hakynda
010.180.020
070.060.020
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 7, 438-madda)
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky Permany bilen tassyklanan Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugy hakyndaky düzgünnama aşakdaky üýtgetmeleri girizmeli:
1.5-nji punktda:
a) birinji bölegiň «m» podpunktunda «halk we hojalyk sudlarynda» diýen sözleri «sudlarda» diýen söz bilen çalşyrmaly;
b) «n» podpunktuň birinji bölegini aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:
n) Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen halatlarda we tertipde hem-de beýleki hökmany tölegleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly admnnistratiw hukuk bozulmalary hakynda protokollary düzmäge we şol bozulmalar hakyndaky işlere garamaga hem-de günäkär adamlara jerime salmaga we olar barada beýleki adminstratiw temmi çärelerini görmäge»;
w) ikinji bölegi aýyrmaly.
2. 8-nji punktda:
a) üçünji bölegiň ikinji sözlemini aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:
« Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasynyň ýuridik taraplar baradaky kararlary gutarnyklydyr hem-de arz etmäge degişli däldir»:
b) dördünji bölegi aýyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 23-nji iýuly
№ UP-508