Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli senenamasyny¸ hepdenamasyny¸ müçenamasyny girizmek we «Ak goýun» toýuny bellemek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Baky Bitarap Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli senenamasyny¸ hepdenamasyny¸ müçenamasyny girizmek we «Ak goýun» toýuny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Baky Bitarap Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli senenamasyny¸ hepdenamasyny¸ müçenamasyny girizmek we «Ak goýun» toýuny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 8, 392-nji madda)

Agzybir türkmen halkymyzyň bäş müň ýyllyk gahrymançylykly taryhy bar. Goja taryhyň şaýatlyk etmegine görä, türkmen halkymyz adamzat gymmatlyklaryna özüniň ajaýyp goşantlaryny goşupdyr. Şöhratly we gahrymançylykly taryhyň eýesi bolan türkmen halkymyz ykbalyň belli bir pursatlarynda kemsitmelere hem duçar boldy. Taryhymyz bilkastlaýyn ýoýuldy, ata-babalarymyzyň mukaddes däpleri, milli baýramlary ýatdan çykdy, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna özüniň jöwher, göwher goşandyny goşan baý medeniýetimiz we sungatymyz pese düşdi. Beýlk Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen, agzybir halkymyzyň ýoýlan taryhy hakyky deliller, gadymy golýazmalar esasynda täzeden dikeldildi we ol adamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde öz ornuny müdimilik tapdy. Nesilbaşymyz Oguzhan Türkmenden gaýdan ata-baba milli däplerimiz täzeden janlandy we täze ýaşaýyş durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Nowruz baýramy, Gurban baýramy, Türkmen halysynyň, Türkmen bedewiniň, Türkmen bagşysynyň baýramy ýaly birnäçe baýramçylyklarymyz halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen bellenilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, mukaddes Ruhnama kitabymyzda orun alan we türkmen halkyny Ruhy Galkynyşa getiren ähli milli gymmatlyklarymyz mähriban türkmen halkymyzyň buýsanjyna we guwanjyna öwrüldi.

Adamzat taryhynda dürli senenamalar, hepdenamalar, müçenamalar ulanylypdyr. Olar köplenç halatda halklaryň taryhy şahslaryň, serkerdeleriň atlary, taryhy wakalar bilen baglanyşykly bolupdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda milady senenamasy, gündogar hepdenamasy ulanylýar. Olar kähalatlarda türkmen halkymyzyň taryhy ýoluny, milli aýratynlyklaryny, içki dünýäsini, däp-dessurlaryny doly aňlatmaýar.

Asly nurdan dörän türkmen halkymyz öz goja nesline hormat hökmünde «Ak goýun» toýuny giňden belleýän dünýäde ýeke-täk halkdyr. Şonuň üçin döwlet tarapyndan resmileşdirilip, 62 ýaşa ýeten her bir watandaşymyza «Ak goýun» toýuny bellemäge giň mümkinçilik döretmek we döwlet hemaýatyny bermek zerurdyr.

Türkmen halkymyzyň altyn asyrynda ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryny we däplerini täzeden dikeltmek, nesilbaşymyz Oguzhan Türkmeniň, dünýäde türkmen gojasynyň nyşanyna öwrülen akyldar Gorkut Atanyň, mertlikde taý bolmadyk Alp Arslan Türkmeniň, elli iki ýyllap türkmen döwletine patyşalyk eden Soltan Sanjar Türkmeniň, adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň atlaryny ebedileşdirmek, Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy, mukaddes Ruhnamamyzy ebedilik şöhratlandyrmak, hepdäniň günlerine milli ruhumyza kybapdaş gelýän at goýmak, türkmen halkynyň Milli senenamasyny, hepdenamasyny, müçenamasyny dolanyşyga girizmek, «Ak goýun» toýuny bellemek we raýatlarymyza döwlet hemaýatyny bermek maksady bilen hem-de watandaşlarymyzyň isleg-arzuwlaryny nazara alyp, karar edýärin:

1. Türkmenistanda ýyl hasabyny milady senesi boýunça ýöretmeli we türkmen halkynyň Milli senenamasyny şu aşakdaky görnüşde tassyklamaly.

Milady sene hasabynyň:

birinji aýyny - Türkmenbaşy,

ikinji aýyny - Baýdak,

üçünji aýyny - Nowruz,

dördünji aýyny - Gurbansoltan,

bäşinji aýyny - Magtymguly,

altynjy aýyny - Oguz,

ýedinji aýyny - Gorkut,

sekizinji aýyny – Alp Arslan,

dokuzynjy aýyny - Ruhnama,

onunjy aýyny - Garaşsyzlyk,

on birinji aýyny - Sanjar,

on ikinji aýyny – Bitaraplyk aýlary diýip bellemeli.

2. Türkmen halkymyzyň Milli hepdenamasyny şu aşakdaky görnüşde tassyklamaly we hepdäniň:

birinji gününi - Başgün,

ikinji gününi - Yaşgün,

ücünji gününi - Hoşgün,

dördünji gününi - Sogapgün,

bäşinji gününi - Anna,

altynjy gününi - Ruhgün,

ýedinji gününi - Dynçgün diýip atlandyrmaly.

3. Türkmen halkymyzyň milli Müçenamasyny şu aşakdaky görnüşde tassyklamaly:

13 ýaşa çenli çagalyk müçesi¸

13 ýaşdan 25 ýaşa çenli ýetginjeklik müçesi,

25 ýaşdan 37 ýaşa çenli ýigitlik müçesi,

37 ýaşdan 49 ýaşa çenli kämillik müçesi,

49 ýaşdan 61 ýaşa çenli pygamber müçesi,

61 ýaşdan 73 ýaşa çenli ruhubelentlik müçesi,

73 ýaşdan 85 ýaşa çenli aksakgallyk müçesi,

85 ýaşdan 97 ýaşa çenli gartaňlyk müçesi,

97 ýaşdan 109 ýaşa çenli Oguzhan müçesi.

4. Altmyş iki ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlaryna durmuş taýdan ýardam bermegiň şu görnüşlerini girizmeli:

a) eýeçiligiň ähli görnuşlerindäki kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýänlere-bir aýlyk wezipe iş haky (zähmete görä tapawutlanýan iş haky) möçberde pul sowgadyny gowşurmaly hem-de ortaça aýlyk iş hakyny tölemek bilen, hak tölenilýän üç günlük goşmaça zähmet rugsadyny bermeli;

b) pensionerlere we maýyplyk hem-de ekleyjisiz galmagy boýunça döwlet hemaýat puluny alýanlara (özi üçin hemaýat puluny alýanlara) -pensiýanyň (hemaýat pulunyň) möçberlnde pul sowgadyny gowşurmaly.

ç) pul sowgadyny we üç günlük tölegli goşmaça zähmet rugsadyny:

býujetden maliýeleşdirilýän edaralarda işleýän raýatlara - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna;

hojalyk hasaplaygyndaky kärhanalarda we guramalarda işleýän raýatlara - şol kärhanalaryň we guramalaryň öz serişdeleriniň hasabyna;

pensionerlere we maýyplyk hem-de ekleýjisiz galmagy boýunça döwlet hemaýat puluny alýanlara (özi üçin hemaýat puluny alýanlara) - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna bermeli.

d) bir gezeklik pul sowgadyna şahsy adamlardan girdeji üçin alynýan salgyt salynmaly däl we şol puldan döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin pul geçirilmeli däl.

5. Şu Perman gol çekilen gününden güýje girýär diýip bellemeli.

6. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri kanunçylyk namalaryna girizmek baradaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 12-nji awgusty

№ РР-3692