Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döwlet howandarlaryny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döwlet howandarlaryny
bellemek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý., № 4, 172-nji madda)
Şulary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň döwlet howandarlary edip bellemeli:
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşyny - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Türkmen döwlet Medeniýet institutyna, Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasyna, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasyna;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gandymowy -Türkmen halk hojalyk institutyna;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ý.A. Gurbanmyradowy - Türkmen politehniki institutyna;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri J.A.Gökleňowany - Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.M. Berdimuhammedowy - Türkmen döwlet lukmançylyk institutyna;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Goranmak ministri R.Arazowy - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmebaşy adyndaky Harby institutyna;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi B.Rejebowy - Türkmen döwlet ulaglar we aragatnaşyk institutyna;
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri E.A. Ataýewany – Halkara türkmen-türk uniwersitetine;
Türkmenistanyň Bilim ministri A.Aşyrowy – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna;
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministri A.Jumagylyjowy – Türkmenistanyň döwlet energetika institutyna;
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö. Meredowy – D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy P.Berdiýewi – Türkmenistanyň Prezidenti goşun generaly S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Polisiýa akademiýasyna;
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň birinji orunbasary, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Ý.M. Gandymowy – Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetine.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2002-nji ýylyň 8-nji apreli
№ PP-3625