Graždanlara degişli emlägiň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Graždanlara degişli emlägiň hökmany döwlet strahowaniýesi hakynda
030.150.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 3, 198-madda)
Döwlet strahowaniýesi hakyndaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen karar edýärin:
1 we 2 punktlary Türkmenistanyň Prezidentiniň 16.06.1993 ý. çykaran № PP-909 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
3. Graždanlara degişli mallaryň (gara mallaryň, gylýallaryň we düýeleriň) hökmany döwlet strahowaniýasyny ýatyrmaly.
4. Graždanlara degişli bag öýjagazlaryny, daçalary, howludaky jaýlary we mallary meýletinlik tertibinde strahowaniýa etmeli.
5. Ulanylyp gelýän kanunlary şu Permana laýyk getirmegi üpjün etmegi Türkmenistanyň Hökümetine tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 27-nji marty
№ UP-351