Boýunuzyn raýon suduny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Boýunuzyn raýon suduny döretmek hakynda
180.020.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 3, 190-madda)
«Türkmenistanyň Çärjew oblastynda Boýunuzyn raýonyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň 1992-nji 19-njy fewralynda çykaran karary mynasybetli karar edýärin:
1. Boýunuzyn raýon suduny döretmeli.
2. Boýunuzyn raýon sudy üçin sudýalaryň sanyny 1 sudýa diýip bellemeli.
3. Boýunuzyn raýon sudunyň sudýasy bellenýänçä Boýunuzyn raýonyna geçýän territoriýada Dänew raýon sudunyň ygtyýarlaryny saklap galmaly.
4. Dänew raýon sudunyň Boýunuzyn raýonynda işleýän halk oturdaşlary öz ygtyýarlaryny Boýunuzyn raýon sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 24-nji marty
№ UP-342