Ýoldaş G. Saparmämmedowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş G. Saparmämmedowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
010.200.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 3, 181-madda)
Respublikanyň ilatyna kurort hyzmatyny etmek we olary sagaltmak sistemasyny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek işinde bitiren hyzmatlary üçin, «Arçman» sanatorisiniň baş wraçy ýoldaş Gurýanmyrat Saparmämmedowa «Türkmenistanyň at gazanan saglygy saklaýyş işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 12-nji marty
№ UP-330