Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

«Garagum kanaly» sowhozyny we «Gyzyl Oktýabr» hem-de «Kommunizm» kolhozlaryny sudlaryň hökümleri boýunça ýetirilen zyýany tölemekden boşatmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

«Garagum kanaly» sowhozyny we «Gyzyl Oktýabr» hem-de «Kommunizm» kolhozlaryny sudlaryň hökümleri boýunça ýetirilen zyýany tölemekden boşatmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Garagum kanaly» sowhozyny we «Gyzyl Oktýabr» hem-de «Kommunizm» kolhozlaryny sudlaryň hökümleri boýunça ýetirilen zyýany tölemekden boşatmak hakynda

180.050.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 3, 173-madda)

Mary oblastynyň Garagum raýonynyň, «Garagum kanaly» sowhozynyň Türkmengala raýonynyň «Gyzyl Oktýabr» we «Kommunizm» kolhozlarynyň, halk deputatlary Е. L. Suhowolskiý hem-de B. Sähetmyradow ýoldaşlaryň şu görkezilen hojalyklaryň sudlaryň hökümleri boýunça pagta arassalaýjy zawodlara ýetirilen zyýany tölemekden boşadylmagy baradaky haýyşlaryna garap, şeýle hem bazara geçirilýän şertlerde olaryň örän agyr maliýe ýagdaýyny we sçýotlarda pul serişdeleriniň ýokdugyny nazara almak bilen karar edýärin:

Şu aşakdakylary ýetirilen zyýany tölemekden boşatmaly:

Mary oblast sudunyň 1988-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky hökümi boýunça 3731304 manat möçberinde Garagumyň pagta arassalaýjy zawodyna ýetirilen zyýany tölemekden Garagum raýonynyň «Garagum kanaly» sowhozyny;

Türkmenistan SSR Ýokary Sudunyň 1988-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky hökümi boýunça 370043 manat möçberinde Baýramalynyň, pagta arassalaýjy zawodyna, 917491 manat möçberinde Hanhowuzyň pagta arassalaýjy zawodyna we 1120330 manat möçberinde Ýolöteniň pagta arassalaýjy zawodyna ýetirilen zyýany tölemekden Türkmengala raýonynyň «Gyzyl Oktýabr» kolhozyny;

Türkmenistan SSR Ýokary Sudunyň 1989-njy ýylyň 14-nji fewralyndaky hökümi boýunça 4961335 manat möçberinde Hanhowuzyň pagta arasssalýjy zawodyna ýetirilen zyýany tölemekden Türkmengala raýonynyň «Kommunizm» kolhozyny.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 3-nji marty

№ UP-322