Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezident Sowetiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Telewideniýe we radio baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň bir toparyna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Prezident Sowetiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Telewideniýe we radio baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň bir toparyna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezident Sowetiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Telewideniýe we radio baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň bir toparyna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

010.200.050

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 2, 146-madda)

Respublikanyň telewideniýe we radiogepleşigini ösdürmekde bitiren hyzmatlary, ýokary professional ussatlygy üçin, şu aşakdakylara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly;

«Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti»

«Çar tarapdan» döredijilik toparynyň uly redaktory Durdy Kelowa.

Jemgyýetçilik-syýasy programmalar redaksiýasynyň baş redaktory Nyýazberdi Nurberdiýewe.

«Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri»

«Türkmentelefilm» döredijilik birleşiginiň kinooperatory Baýram Ataýewe.

«Türkmentelefilm» döredijilik birleşiginiň ýokary kategoriýaly režissory Çerkez Şamyradowa.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1992-nji ýylyň 27-nji fewraly

№ UP-317