Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiligini güýçlendirmek boýunça goşmaça çäreler hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiligini güýçlendirmek boýunça goşmaça çäreler hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Döwlet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň jogapkärçiligini

güýçlendirmek boýunça goşmaça çäreler hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2002 ý.¸ № 2¸ 38-nji madda)

Türkmenistanda jemgyýetiň ähli ugurlaryndaky düýpli özgertmeler netijesinde syýasy durnuklylyk we hukuk tertibi üpjün edildi¸ gyşarnyksyz ykdysady ösüş we halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy¸ onuň ruhy we medeni taýdan ilerlemegi gazanyldy. Şu şertlerde döwlet edaralarynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryna has ýokary talaplar bildirilmeli. Wezipeli adamlaryň öz gulluk ýagdaýyny hyýanatçylykly maksatlar bilen peýdalanmagyna asla ýol berilmeli däldir.

Döwlet edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda kanunçylygy we hukuk tertibini has-da pugtalandyrmak, olaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini güýçlendirmek maksady bilen¸ karar edýärin:

Döwlet edaralarynyň¸ kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary bolup işlän döwründe wezipe jenaýatlaryny edendigi üçin iş kesilen adamlar suduň aýyplaýyş hökümi güýje giren pursatyndan başlap¸ bäş ýylyň dowamynda 1999-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky « Her ýylda mukaddes « Gadyr gijesi» mynasybetli günä geçmek¸ tussagdan hem-de jezadan boşatmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyň täsirine düşmeýär we olar günäsini geçmäge¸ tussagdan hem-de jezadan boşatmaga degişli däldir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2002-nji ýylyň 3-nji fewraly

№ PP-3546