Guşgy raýon suduny döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Guşgy raýon suduny döretmek hakynda
180.020.040
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1992 ý, № 2, 142-madda)
«Türkmenistanyň Mary oblastynyň Guşgy raýonyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1991-nji ýylyň 26-njy dekabrynda kabul eden karary mynasybetli karar edýärin:
1. Guşgy şäher suduny ýatyrmaly.
2. Guşgy raýon suduny döretmeli.
3. Guşgy raýon sudy üçin sudýalaryň sanyny 1 sudýa mukdarynda bellemeli.
4. Tagtabazar we Ýolöten raýon sudlarynyň Guşgy raýonynda işleýän hem-de ýaşaýan halk oturdaşlary öz ygtyýlaryny Guşgy raýon sudunda amala aşyrýarlar diýip bellemeli.
5. «Türkmenistan SSR-niň raýon (şäher) halk sudlarynyň halk sudýalarynyň sanyny bellemek hakynda» Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezndiumynyň 1987-nji ýylyň 28-nji martynda kabul eden Permanyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1992-nji ýylyň 24-nji fewraly
№ UP-313