Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 12, 566-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.02.2002 ý. çykaran № PP-3554 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

«Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran № 333 Permany bilen tassyklanan, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümine üýtgetmeler girizip, ony şu görnüşde beýan etmeli:

1. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini tassyklamaly:

Atagarryýew Ýegen - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň baş ylmy işgäri (Komitetiň başlygy),

Aşyrow Kakajan - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Telewideniýe we radiogepleşikler boýunça utgaşdyryjy geňeşiň başlygy (Komitetiň başlygynyň orunbasary),

Welmämmedowa Nurtäç Garajaýewna - Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy (Komitetiň başlygynyň orunbasary),

Nurmuhammedowa Jemal Saparowna - Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary,

Ylýasow Kakabaý - «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory,

Myradow Gulmyrat - Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary,

Babaýew Saragt - heýkeltaraş,

Amangeldiýew Hudaýnazar - Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň direktory,

Mämmediýew Ýazmyrat - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň ylmy işgäri.

2. «Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran № 333 Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy¸ 1992 ý., № 3, 184 madda) komitetiň düzümine degişli bölegini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 7-nji dekabry

№ PP-3525