Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Ahal welaýatynda ýerleriň edara ediş taýdan bölünmeginiň käbir meseleleri hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Ahal welaýatynda ýerleriň edara ediş taýdan bölünmeginiň käbir meseleleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ahal welaýatynda ýerleriň edara ediş taýdan bölünmeginiň käbir

meseleleri hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý. № 12, 565-nji madda)

Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň merkezi obasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 1-nji maýynda çykaran № 2199 kararyna laýyklykda Aşgabat şäheriniň çägine hem-de Birinji maý şäherçesiniň şol daýhan birleşiginiň şu şäherçä ýanaşyk ýerleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 23-nji noýabrynda çykaran № 5438 kararyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň edara ediş çäklerine goşulmagy bilen baglanyşykly, karar edýärin:

1. Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşigini ýapmaly we onuň emlägini hem-de ýerlerini, ýagny:

önümçilik binalaryny we desgalaryny, şeýle hem Birinji maý şäherçesine ýanaşyk ýerlerini Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky ahalteke atçylyk zawodyna;

galan emlägini, mallaryny hem-de ýerlerini Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Bugdaýly» tejribe-tohumçylyk daýhan birleşigine bermeli.

2. Ahal welaýatynyň Gäwers etrabynyň «Aşgabat» geňeşliginiň Körçaý we Saryk obalaryny şol etrabyň «Watan» geňeşliginiň garamagyna, «Aşgabat» geňeşligini bolsa Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň häkimliginiň garamagyna bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 4-nji dekabry

№ PP-3524