Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy» seýilgähini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy» seýilgähini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy» seýilgähini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 7, 360-njy madda)

Eziz Türkmenistan döwletimiz we onuň mähriban halky 10 ýyl bäri asuda, abadan, özbaşdak we garaşsyz ýurtda ýaşaýar. On ýyl taryh üçin hem, bäş müň ýyllyk ömri bolan halk üçin hem uzak möhlet däldir. Emma şu gysga wagtyň içinde eziz Türkmenistanymyz asyrlara barabar ýol geçmegi başardy. Bu ýol bolsa edilen işler, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler bilen ölçenilýär.

Bitarap Türkmenistan döwletimiz on ýylyň içinde özüniň ata-baba däplerine mahsus ösüş ýoluny seçip aldy we halkara abraýyna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasyna girýän dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyny öz taryhynda ilkinji gezek resmi taýdan ykrar etdi. Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde eziz Watanymyz 2000-nji ýylyň jemleri boýunça türkmen halkymyzyň altyn asyrynyň eýýäm birinji ýylynda milli girdeji babatda 17,6 % ösüş gazanyp, dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary netijä eýe boldy. Oba hojalygynda amala aşyrylýan «Täze oba», «Galla» Maksatnamalarymyzyň netijesinde mähriban halkymyz özüniň ykbal taryhynda ilkinji gezek altyn asyryň 2 million tonnadan gowrak altyn hasylyny ýygnady. Tutuş ýurdumyz gurluşyk meýdançasyna, bitarap Türkmenistanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri ak mermere bezelip, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Ençeme zawoddyr fabrikler, demir we awtomobil ýollary guruldy we döwletimize we halkymyza hyzmat edip başlady. Şunuň ýaly deňi-taýy bolmadyk işler hiç wagt öçmez ýaly taryha altyn harplar bilen ýazylyp, müňýyllyklara uzap, nesillere miras galdyrylmalydyr.

Türkmen döwletiniň 10 ýyl garaşsyz, özbaşdak döwlet bolmagynyň şanyna, gysga döwrüň içinde deňi-taýy bolmadyk gazananlarymyzy hem-de mähriban halkymyzyň beýik senesiniň taryhy ähmiýetini ebedileşdirmek we onýyllyk döwrüň türkmenleriň ykbalyndaky aýgytly ornuny geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:

Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde beýik Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygyna bagyşlap seýilgähi döretmeli hem-de oňa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy» seýilgähi diýip at bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 4-nji iýuly

№ PP-3420