Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ilaty sanitariýa taýdan arassalanylan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti ýapmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ilaty sanitariýa taýdan arassalanylan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti ýapmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 6, 332-nji madda)
(Türkmenistanyň Prezidentiniň 04.06.2013 ý. çykaran № PP-6343 Permany esasynda
girizilen goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyna laýyklykda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini has ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ilaty sanitariýa taýdan arassalanylan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti ýapmaly.
2. Welaýatlaryň, şäherleriň we şäherçeleriň häkimlikleri ilatyň sanitariýa taýdan arassalanylan suw we kommunal hyzmatlary bilen üpjün edilmegi, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ilatly ýerleriniň çygryna girýän ýerleriň arassaçylyk ýagdaýy we abadanlaşdyrylmagy, şeýle hem suw üpjünçiligi we lagym desgalaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek we olary ulanmak üçin jogapkärçilik çekmeli;
2-nji bölüminiň ikinji bendi Türkmenistanyň 04.06.2013 ý. çykaran № PP-6343 Permany esasynda güýjüni ýitiren.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde degişlilikde Daşoguz welaýatynyň suw üpjünçiliginiň Halkara täzeleýiş we ösüş bankynyň karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän taslamasynyň, şeýle hem Balkan welaýatynyň suw üpjünçiliginiň Yslam ösüş bankynyň karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeli.
3. «Türkmenkommuntaslama» döwlet taslama institutyny Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň garamagyna bermeli.
4. Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ilaty sanitariýa taýdan arassalanan suw bilen üpjün etmek baradaky ýapylan komitetiň esasy gorlaryny, dolanyşyk serişdelerini we maddy gymmatlyklaryny öz hasabyna kabul etmeli.
5. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 18-nji iýuny
№ PP-3417