Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşigini üýtgedip gurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan
birleşigini üýtgedip gurmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 2, 111-nji madda)
Durmuş – ykdysady taýdan maksadalaýyklygyny, şeýle hem Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň arzuw - isleglerini hem-de Halaç etrabynyň we Lebap welaýatynyň häkimlikleriniň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:
«Pelwert» daýhan birleşigini üýtgedip guramaly we onuň esasynda «Pelwert» we «Altyn asyr» daýhan birleşiklerini döretmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 24-nji fewraly
№ PP-3338