Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 10 ýyllyk baýramy belleniljek ýylynda iş haklaryny, pensiýalary we döwlet hemaýat pullaryny köpeltmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 10 ýyllyk baýramy belleniljek ýylynda iş haklaryny, pensiýalary we döwlet hemaýat pullaryny köpeltmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 10 ýyllyk baýramy belleniljek ýylynda iş haklaryny, pensiýalary we döwlet hemaýat pullaryny köpeltmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001 ý., № 2, 110-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 24.01.2003 ý. çykaran № PP-3821 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Mukaddes Garaşsyzlygyň 10 ýyllyk toýy bellenilýän 2001-nji ýyla Türkmenistan görlüp – eşidilmedik derejede guwandyryjy ýokary ykdysady üstünlikler bilen gadam basdy. Bu ýyl türkmen halkynyň altyn asyrynda amala aşyryljak beýik işleriň aýratyn ýyly bolar.

Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolup, özbaşdak ösüş ýoluny saýlap almak bilen, durmuş – ykdysady özgertmeleriň ýokary derejeleri üpjün edilip, milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanyldy, olar bolsa halkyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ilatyň ösýän maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de adamlaryň durmuş şertlerini has-da ýokary götermek üçin olara dünýäde deňi - taýy bolmadyk ýeňillikleri üpün etmäge mümkinçilik döretdi.

Häzirki wagtda döwletimizde Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş - ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasynda we Garaşsyzlygyň 10 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça geçirilmeli esasy çäreleriň Maksatnamasynda bellenilen wezipeler üstünlikli çözülýär.

Garaşsyzlygyň on ýylynyň içinde üpjün edilen ykdysady galkynyş netijesinde XXI asyry türkmen halkynyň Altyn asyryna öwürmegiň berk binýadynyň tutulandygy hem-de iň gymmmatly zadyň adamdygy ykrar edilýän gadymy topragymyzyň däplerine laýyklykda, ynsanperwer döwletimizde ileri tutulýan ugruň ilatyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini nazara alyp, karar edýärin:

Permanynyň 4-nji bölüminden beýleki bölümleri Türkmenistanyň Prezidentiniň 24.01.2003ý. çykaran № PP-3821 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

4. Tölenilýän pensiýalaryň möçberlerini, şeýle hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gönüden – göni gatnaşyjylaryň we onuň maýyplarynyň döwlet hemaýat pullarynyň möçberlerini 2001-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap 2 esse köpeltmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2001-nji ýylyň 20-nji fewraly

№ PP-3337