Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty
ministrligini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2001ý., № 1, 38-nji madda)
Türkmen halkynyň altyn asyry bolan XXI asyrda halk hojalyk desgalarynyň gurluşygynyň depginlerini ösdürmek we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak hem-de gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleriň 2010-njy ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milli binagärlik-gurluşyk gözegçiligi komitetini birleşdirip, olaryň esasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Ministrligiň tabynlygyndaky kärhanalaryň we guramalaryň sanawyny şol Ministrlik bilen bilelikde bir aý möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2001-nji ýylyň 16-njy ýanwary
№ PP-3327