«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň
ýadygärlik medaly bilen sylaglamak hakynda
010.200.040
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 10, 510-njy madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň söweşjeň tehnikany we ýaraglary kämil özleşdirmegine, döwletimiziň howpsuzlygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetinde asuda durmuşy goramaga, hukuk tertibini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine goşan uly goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 18 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi ýokary derejede taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:
Şulary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» diýen Türkmenistanyň ýadygärlik medaly bilen sylaglamaly:
Türkmenistanyň Goranmak ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi;
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy;
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Myrat Yslamowy;
Türkmenistanyň Içeri işler ministri Isgender Handurdyýewiç Mulikowy;
Türkmenistanyň Baş prokurory Çary Hojamyradowy;
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ýaranmyrat Rejepowiç Ýazmyradowy;
Türkmenistanyň Adalat ministri Myrat Baýmuhammedowiç Garryýewi;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Orazgeldi Taganmyradowiç Esenowy;
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Seýitnyýaz Gurbanmämmedowiç Ballyýewi;
Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy Aman Allanurowiç Garaýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Güýçgeldi Hojaberdiýewiç Hojaberdiýewi;
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Hukuk goraýjy we harby edaralaryň işini seljeriş bölüminiň müdiri Gurbandurdy Töräýewiç Töräýewi.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2009 ý. oktýabr aýynyň 27-i.
№ PP-5453