Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli baýramyny – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli baýramyny – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

PERMANY

Türkmenistanyň Milli baýramyny – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakynda

010.210.000

140.010.010

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 7, 362-nji madda)

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ösdürilip, dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk getirildi. Bu ulgamy döwrebap özgertmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi we «Saglyk» maksatnamasyna laýyklykda oňa ägirt uly möçberlerde döwlet serişdeleri goýberildi.

Täze galkynyş hem-de beýik özgertmeler eýýamynda häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleriniň we edaralarynyň giň toplumy döredilýär. Saglyk» döwlet maksatnamasynyň hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämiziň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilatymyzyň saglyk ýagdaýy düýpgöter gowulandyryldy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösüşi täze belentliklere göterildi.

Ýurdumyzyň her welaýatynda «Ene mähri» merkezleri, şypahanalar gurulýar we olaryň durky täzelenýär. Olar dünýäniň has kämil enjamlary bilen üpjün edilýär. Saglygy goraýyş merkezlerinde we edaralarynda öňdebaryjy iş usullary hem-de tejribesi ornaşdyrylýar. Işine ussat lukmanlary we beýleki saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmak giňden ýola goýulýar. Bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Ilatymyzyň saglygyny berkitmek, gowy dynç almagy üçin hem ähli şertler döredilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş, saglygy berkidiş binalarynyň we desgalarynyň birnäçesi guruldy. Hazar deňziniň kenarynda bu işler meýilnama laýyklykda giň gerim bilen alnyp barylýar.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de has-da kämilleşdirmek maksady bilen we bu ulgamyň işgärleriniň döredijilikli zähmetini, ilatymyzyň sagdyn ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tekliplerini nazara alyp, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Milli baýramyny - Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 21-nji iýulynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Milli baýramynyň - Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimlikleri, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Milli baýramyny - Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi dabaraly belläp geçmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.

2009 ý. iýul aýynyň 20-si.

№ PP-5395