1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 64 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 64 ýyllygy mynasybetli sowgatlary gowşurmak hakynda
060.120.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2009 ý., № 5, 242-nji madda)
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de watan gerçekleriniň mukaddes ojagyny saklap oturan ýalňyz naçarlaryň, ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 64 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
1. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň merkezi geňeşi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 64 ýyllygy mynasybetli urşa gatnaşyjylaryň, şeýle hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda frontda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynyň her birine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmaly.
2. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasy gowşuryljak gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetdäki sarp edijiler üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.
3. Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ilkinji nobatda edilmegini, olaryň her biriniň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmeli we bu meseläni hemişelik üns merkezinde saklamaly.
4. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirmeli.
5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary H.Saparlyýew, T.Japarow, H.Muhammedow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy O.Gurbannazarow, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2009 ý. maý aýynyň 01-i.
№ PP-5344