Oraza baýramy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramy hakynda
010.210.000
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 9, 530-njy madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlygymyzy gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlarymyzy, urp-adatlarymyzy berjaý etmek we baýlaşdyrmak, Täze Galkynyşlar zamanamyzda mähriban halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek we «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 2432-nji Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin:
Halkymyzyň Milli baýramy bolan Oraza baýramy mynasybetli, 2008-nji ýylyň 2-nji oktýabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2008 ý. sentýabr aýynyň 29-y.
№ PP-5182