Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Watan goragçylarynyň gününi döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Watan goragçylarynyň gününi döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Watan goragçylarynyň gününi döretmek hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 8, 467-nji madda)

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň Türkmenistanyň ilatyny, mukaddes garaşsyzlygymyzy, ýurdumyzyň territorial bitewiligini gorap saklamakda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmekde, ähli döwletler bilen parahatçylykly hem-de dostlukly ýaşamak syýasatyny amala aşyrmakda bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup hem-de 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň döredilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň towakganamalaryny nazara alyp, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň - Watan goragçylarynyň gününi döretmeli we ony her ýylyň 27-nji ýanwarynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Watan goragçylarynyň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2008 ý. awgust aýynyň 15-i.

№ PP-5147