Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmek hakynda

160.040.120

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 5, 354-nji madda)

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň ilatyň saglygyny goramagy güýçlendirmek hem-de sagdyn durmuşy üpjün etmek baradaky ýörelgelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmeli.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi temmäki önümi bolan nasyň zyýany barada ilat arasynda giňişleýin düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmegi üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrligi ulanylýan kanunçylyga şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli.

4. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 12-nji awgustynda çykaran 4097-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2004-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 306-njy maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Saparlyýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministi A.Serdarow, Türkmenistanyň Içeri işler ministri O.Amanmyradow, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy M.Yslamow we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Annalyýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 28-nji maýy

№ PP-5104