Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2008 ý., № 4, 239-njy madda)

Beýik Galkynyşlar döwrüniň düýpli gurluşyklarynyň berk gurluşyk material binýadyny döretmek, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalary gurmak we täze iş ýerlerini açmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligini döredip, Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrligini ýapmaly.

2. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar üçin zerur materiallary öndürmek, täze döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalary gurmak we işläp gelýänleriniň durkuny düýpli täzelemek wezipelerini Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň üstüne ýüklemeli.

3. Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny, şeýle hem şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri ulanylýan kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bir aý möhletde taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 14-nji apreli

№ PP-5056