Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Maliýe ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Maliýe ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Maliýe ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2008 ý., № 2, 79-njy madda)

Beýik Galkynyş eýýamynda ýurdumyzy ösdürmegiň maliýe-ykdysady strategiýasyny işläp düzmegiň düýbünden täze çemeleşmelerini ulanmagyň zerurdygy bilen baglylykda hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryny we maliýe serişdelerini dolandyrmagyň ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň ýapylan Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň binýadynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny, şeýle hem şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri ulanylýan kanunçylyga girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bir aý möhletde taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2008-nji ýylyň 2-nji fewraly

№ PP-4996