Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň meseleleri hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň meseleleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň meseleleri hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 7, 256- njy madda)

Ýurdumyzyň ulag ulgamyny has-da ösdürmek hem-de «Täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Nowruz aýynyň 30-nda çykaran № 3083 Permanyny durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini hem-de Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligini täze Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň we tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşykly işi amala aşyrýarka ähli salgytlary, birža ýygymlaryndan başga ýygymlary, goşmaça tölegleri we paçlary tölemekden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 2-nji iýuly

№ PP-4072