Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň adyny üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 6, 223-nji madda)

Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragy eziz diýarymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde doglup, önüp-ösüp, özüniň döreden ölmez-ýitmez eserleri bilen türkmen halkynyň aňyna müdimilik girdi. Gerkez obasynyň gül-gunçaly, gök türkmen arçaly, bagy-bossanly jennet mysaly jülgeleri, akar suwly çeşmeleri, jana şypaly howasy, bereketli topragy Magtymgulynyň akyldar şahyr hökmünde kemala gelmegine örän uly täsir edipdir. Çeper sözüň beýik ussady Magtymguly Pyragy özüniň goşgularyna türkmen halkymyzyň garaşsyz ýurt hakyndaky arzuwlaryny siňdiripdir. Onuň sungat eseri ýaly sünnäläp döreden dürdäne setirlerinde berkarar döwlet, agzybirlik, jebislik hakyndaky heserli zaryn agyny duýmak bolýar. Ol türkmen halkyny agzalalykdan halas edip, berkarar döwlet gurup biljek şahsyýetiň ýokdugyna zeýrenipdir. Pyragynyň arzuwlary diňe beýik Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen hasyl boldy.

Türkmen halky öz nusgawy şahyryna milli buýsanjy hökmünde guwanýar we uly sarpa goýýar. Şonuň üçin halkymyz özüniň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhynyň dördünji eýýamyna Magtymguly eýýamy diýip at berdi.

Dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyny döredijileriň biri, türkmen halkymyzyň nusgawy şahyry we milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň adyny müňýyllyklara ebedileşdirmek maksady bilen hem-de Garrygala etrabynyň ilatynyň isleglerini, Garrygala etrabynyň we Balkan welaýatynyň häkimlikleriniň haýyşnamalaryny nazara alyp, karar edýärin:

1. Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Magtymgulynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby diýip atlandyrmaly.

2. Balkan welaýatynyň Garrygala etrabynyň merkezi Garrygala şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Magtymgulynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherçesi diýip atlandyrmaly.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda çykaran №1327 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda posýoloklaryň we geňeşlikleriň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 4-nji iýuny

№ PP-4066