Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar
ministrligini döretmek hakynda
010.150.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 3, 88-nji madda)
Türkmenistanyň awtomobil we gara ýollar pudaklarynyň guramalarynyň işini düýpli gowulandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
l. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň we «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny 2 hepde möhletde işläp taýýarlamaly we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2004-nji ýylyň 16-njy marty
№ PP-4031