Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2004 ý., № 2, 48-nji madda)

Merkezi Aziýanyň, dünýä halklarynyň hem-de türkmen halkynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň gadymy köklerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we bu ugurda beýik Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täzeden dikeldilen türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren baý milli mirasynyň altyn hazynalaryny toplap, öwrenip täzeden neşir edip halkymyza ýetirmek işini kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretmeli.

2. Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunda täzeden gurlan, döwrebaplaşdyrylan we häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen 18-nji jaýynda ýerleşdirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2004-nji ýylyň 13-nji fewraly

№ PP-4022