Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek üçin döredilen Döwlet toparynyň düzümine üytgetmeler girizmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek üçin döredilen Döwlet toparynyň düzümine üytgetmeler girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 10, 516-njy madda)
1. Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek we watandaşlarymyzdan Halk maslahatynyň adyna gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak, seljermek hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygyna ýetirmek üçin Döwlet toparyny döretmeli (düzümi goşulýar).
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran № 4357 Permanynyň 2-nji bölümini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2005-nji ýylyň 8-nji oktýabry
№ PP-4377
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2005-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda
çykaran № PP-4377 Permany bilen
tassyklanyldy
Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny guramaçylykly
geçirmek üçin döredilen Döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Toparyň başlygy
Saparmyrat Türkmenbaşy - Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy
Toparynyň agzalary
Ataýew Ö. - Mejlisiň başlygy, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygynyň orunbasary
Aýdogdyýew D. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Dokma senagaty ministri
Annaorazow J.A. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy
Berdiýew A.G. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministri
Berdimuhammedow G.M. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri
Hudaýberdiýew O. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Demir ýol ulaglary ministri
Täçnazarow G. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary
Akyýew A.M. - Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy
Hramow W.M. - Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi
Myratgulyýew A. - Ahal welaýatynyň häkimi
Tagyýew T. - Balkan welaýatynyň häkimi
Annagylyjow K. - Daşoguz welaýatynyň häkimi
Çaşaýew Ö.T. - Lebap welaýatynyň häkimi
Bäşimow H. - Mary welaýatynyň häkimi
Esenow O. - Aşgabat şäheriniň häkimi
Mämmetgeldiýew A. - Goranmak ministri
Aşyrmuhammedow G. - Milli howpsuzlyk ministri
Atajanowa G.S. - Baş prokuror
Rahmanow A. - Içeri işler ministri
Gulgaraýew A. - Adalat ministri
Sopyýew M. - Ak bugdaý etrabynyň M.Sopýýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy
Musaýew O. - Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary
Nepesow O. - Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy
Pirmämmedowa J. N. - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy