Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny çagyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 10, 496-njy madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.10.2005 ý. çykaran № PP-4377 Permany esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, ruhy galkynyşynda ýeten sepgitlerini seljermek, olara mynasyp baha bermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek, döwletimiziň ebedi mizemezligini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny öňküden-de gowulandyrmak baradaky ýörelgelerimizi we maksatlarymyzy halkymyz bilen geňeşmek, nobatdaky Halk maslahatyny guramaçylykly geçirmek we onuň adyna watandaşlarmyzdan gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň XVI Halk maslahatyny 2005-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde çagyrmaly we onuň gün tertibine şu aşakdaky meseleleri hödürlemeli:

- «Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny baradaky;

- «Arçynlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baradaky;

- «Geňeş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baradaky;

- «Etrap, şäher halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baradaky;

- «Etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baradaky;

- «Welaýat halk maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baradaky;

- «Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baradaky;

- «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hakyndaky;

- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek we «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak baradaky;

- «Milletiň ruhy sütüni Türkmenbaşynyň Ruhy metjidini ebedileşdirmek we oňa döwlet tarapyndan goldawy müdimilik üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Halk maslahatynyň karary baradaky;

- Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Günä geçmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany baradaky;

- Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany baradaky.

2-nji bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.10.2005 ý. çykaran № PP-4377 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyň 7-nji aprelinde çykaran № 4249 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Saparmyrat

Başlygy Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 4-nji oktýabry

№ PP-4357