Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde № 5 kärhanany döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde № 5 kärhanany döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde № 5

kärhanany döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2005 ý., № 5, 183-nji madda)

Türkmenistanyň çäklerinde döwlet geodeziýa gözegçiligini kämilleşdirmek we topografiýa-geodeziýa, kartografiýa, inžener-geodeziýa we kadastr işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Geodeziýa, kartografiýa we kadastr baradaky döwlet komitetini ýapmaly.

2. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde Türkmenistanyň ýapylan Geodeziýa, kartografiýa we kadastr baradaky döwlet komitetiniň binýadynda № 5 kärhanany döretmeli.

3. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi № 5 kärhana baradaky Düzgünnamany, onuň düzümini we wezipe sanyny işläp taýýarlamaly we tassyklamaly.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Goranmak ministri A. Mammetgeldiýew gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2005-nji ýylyň 6-njy maýy

№ PP-4257