Oraza baýramy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Oraza baýramy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý.¸ № 11¸ 455-nji madda)
Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhana aýawly çemeleşmek, onuň gymmatly ruhy baýlygyny gorap saklamak, ajaýyp däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny berjaý etmek hem-de baýlaşdyrmak, jemgyýetimiziň ýokary ruhybelentligini üpjün etmek, mähriban türkmen halkymyzyň bitewiligini, agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek we «Oraza baýramy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1998-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran № 2432 Permanyny ýerine ýetirmek üçin, karar edýärin:
Milli baýram bolan Oraza baýramy mynasybetli 2003-nji ýylyň Sanjar aýynyň 26-syny iş güni däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 20-nji noýabry
№ РР-3976