Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 9, 331-nji madda)

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň XIV Döwlet maslahatynyň, Halk Maslahatynyň we Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, «Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, önümçilik ulgamyny özgertmek we dolandyrmagyň önümçilik kuwwatlyklaryny has doly ulanmaga gönükdirilen täze görnüşlerine geçmek, şeýle hem türkmen halkynyň altyn asyrynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň örän möhüm şertleri hökmünde ýükleri daşary ýurtlara eltmek we daşardan getirmek hem-de ilatyň we halk hojalygynyň pudaklarynyň demir ýollar arkaly gatnatmalara bolan isleglerini kanagatlandyrmak wezipelerini toplumlaýyn çözmek maksady bilen, karar edýärin:

l. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini döredip, «Türkmendemirýollary» müdirligini ýapmaly.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini ýapylan Müdirligiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

2. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen ylalaşyp, Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň we onuň düzüminiň taslamalaryny işläp taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

2003-nji ýylyň 12-nji sentýabry

№ PP-3910