Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligini Türkmenistanyň Adalat ministrligine öwürmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligini
Türkmenistanyň Adalat ministrligine öwürmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2003 ý., № 9, 329-njy madda)
Bitarap garaşsyz Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramak, kanunylygy pugtalandyrmak we adamyň hukuklaryny berjaý etmek boýunça işiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ony kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligini Türkmenistanyň Adalat ministrligine öwürmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
2003-nji ýylyň 1-nji sentýabry
№ PP-3907