Türkmenistanyň Milli baýramy - Bitaraplyk gününiň 15 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Milli baýramy - Bitaraplyk gününiň 15 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda
010.210.000
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2010 ý., № 11-12, 1082-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda halkymyzyň toý-baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmegini üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Milli baýramy - Bitaraplyk gününiň 15 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2010-njy ýylyň 12-nji dekabryndaky dynç gününi 13-nji dekabra geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiligiň görnüşine garamazdan,ähli kärhanalar, edaralar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ý. dekabr aýynyň 08-i.
№ PP-5675