Gurban baýramyny bellemek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Gurban baýramyny bellemek hakynda
010.210.000
050.070.030
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2010 ý., № 11-12, 1080-nji madda)
Türkmen halkynyň gymmatly ruhy baýlyklaryny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy berjaý etmegine giň ýol açmak, milli baýramçylyklarymyzy has-da dabaralandyrmak baradaky asylly yörelgelerimizden ugur alyp, şeýle hem Täze galkynyş eýýamynda merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ahlak-ynsap päkizeligini has-da berkitmek maksady bilen, karar edýärin:
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2010-njy ýylyň 17-18-19-njy noýabrynda Gurban baýramyny bellemeli we şol günleri iş günleri däl diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ý. noýabr aýynyň 12-i
№ PP-5672