«Türkmendeňizderýaýollary» müdirligini Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwürmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmendeňizderýaýollary» müdirligini Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwürmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 7, 912-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary pudagyny has-da ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. «Türkmendeňizderýaýollary» müdirligini Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna öwürmeli.
2. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Döwlet gullugy hakyndaky Düzgünnamany, şeýle hem şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N. Şagulyýew hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ýylyň iýul aýynyň 09-y.
№ PP-5622