Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine hünär derejelerini bermek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine hünär derejelerini bermek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 6, 871-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda gulluk borçlaryny ak ýürekden berjaý edip, raýatlaryň hukuklaryny we döwletiň bähbitlerini goramaga, hukuk tertibini üpjün etmäge, jemgyýetimizde asudalygy we jebisligi saklamaga goşan şahsy goşantlary üçin, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň 11-nji bölümine laýyklykda, karar edýärin:
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Pirmuhammet Hojaýewiç Mätjanowa,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Dursun Orazmyradowna Saparowa ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2010 ýylyň iýun aýynyň 23-i.
№ PP-5603