Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 5, 859-njy madda)

Halkymyzyň rehimdarlyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň we her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewiligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, karar edýärin:

Şularyň günäsini geçip, olary mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşatmaly:

Arazgeldiýew Göki Kakabaýewiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 6-njy maýynda Daşoguz şäher kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Ataýewa Nurgözel Aýlyýewnany, 1962-nji ýylda doglan, 2007-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Atdaýew Serdar Orazgeldiýewiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 9-njy aprelinde Wekilbazar etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Gulmyradow Işangulyny, 1963-nji ýylda doglan, 2005-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Daňatarow Kerim Saparowiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 12-nji aprelinde Tejen etrap-şäher kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Jülliýewa Aýjahan Atajanownany, 1992-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Azatlyk etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Jumakow Mekan Jumamyradowiçi, 1992-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmengala etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

DurdyýewAtany, 1936-njy ýylda doglan, 2009-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Gökdepe etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Mämmetdurdyýew Mämmetdurdy Aşyrowiçi, 1962-nji ýylda doglan, 2008-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Mätýakubow Ikrambek Tolibaýewiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 30-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Orakbaýew Begli Allabaýewiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 7-nji aprelinde Görogly etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Saitow Faýzulla Asadullaýewiçi, 1994-nji ýylda doglan, 2010-njy 14-nji aprelinde Saýat etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Saparow Berdimyrat Eke ogluny, 1992-nji ýylda doglan, 2010-njy 14-nji aprelinde Magtymguly etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Sähetmyradowa Ogulşat Mulkamownany, 1992-nji ýylda doglan, 2009-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Gökdepe etrap kazyýeti tarapyndan iş kesilen:

Togsanow Toýmyrat Gurbangeldiýewiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 5-nji aprelinde Balkanabat şäher kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Halmamedow Aşyrmamet Anatolýewiçi, 1993-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 5-nji aprelinde Balkanabat şäher kazyýeti tarapyndan iş kesilen;

Hojadurdyýew Tagandurdy Gylyçdurdyýewiçi, 1992-nji ýylda doglan, 2010-njy ýylyň 23-nji aprelinde Mary şäher kazyýeti tarapyndan iş kesilen.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ýylyň may aýynyň 28-i.

№ PP-5598