Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 3, 763-nji madda)
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda halkymyzyň toý-baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmegini üpjün etmek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2010-njy ýylyň 21-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2010 ý. mart aýynyň 17-si.
№ PP-5557