Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi döretmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi döretmek hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2010-njy ýyl, № 1, 607-nji madda)

Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ykdysady mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň milli baýlygy bolan tebigy gazy dünýä bazaryna durnukly hem-de uzak möhletli esasda çykarmagyň köp görnüşli ulgamyny döretmek boýunça işler giň gerimde amala aşyrylýar. Bu işler dünýä ýurtlary üçin durmuş-ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, Ýer ýüzünde ykdysady gatnaşyklaryň, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, halklaryň maddy-hal ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna uly itergi berer.

Türkmen topragynda 2009-njy ýylda bolup geçen taryhy wakalar energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň aýdyň mysaly bolup, dünýäniň syýasy senenamasyna girdi. Tebigy gazy dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurlylygyny üpjün etmek boýunça edilýän tagallalar netijesinde, dört döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Asyryň gaz geçirijisi» adyny alan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Bu waka gazanylan uly üstünlik hökmünde türkmen halkynyň taryhyna girer.

Bu ajaýyp wakany halkymyzyň iň täze taryhynda ýatdan çykmajak sene hökmünde dabaraly belläp geçmek, milli baýlygymyz bolan nebiti we gazy peýdalanmak, edermen nebitçilerimiziň, gazçylarymyzyň we geologlarymyzyň çekýän halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň 14-nji dekabrynda belläp geçmeli.

2. Nebitgaz toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat ş.,

2010 ý. ýanwar aýynyň 15-i

№ PP-5498