«Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini döretmek hakynda
010.150.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 8, 565-nji madda)
«Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeniý taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamamyzda türkmen halkynyň Altyn asyry bolan XXI asyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem täze özgertmeler eýýämynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly we ýokary depginli ilerlemegini gazanmakda ýol gurluşyk pudagynyň möhün orny eýeleýändigini nazara alyp hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak, ilata edilýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek baradaky işleri wagtynda hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirmekde möhüm orny eýeleýän we bu pudagyň kärhana-edaralarynyň işini düýpli gowulandyrmak we onuň netijeliligini has ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 24-nji awgustynda çykaran PP4834 Permanyna laýyklykda ýapylan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrliginiň binýadynda «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini döretmeli.
2. «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny 10 gün möhletde işläp taýýarlamaly we tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G. Aşyrow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy H. Muhammedow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 24-nji awgusty
№ PP-4836