Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligini ýapmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligini
ýapmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 8, 563-nji madda)
«Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeniý taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş ugry» Milli maksatnamamyzda ata Watanymyzyň raýatlarynyň has eşretli ýaşamagyny üpjün etmek üçin ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny dolandyrmagy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary we gara ýollar ministrligini ýapmaly.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G. Aşyrow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy H. Muhammedow gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 24-nji awgusty
№ PP-4834