Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlama güni hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlama güni hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny

ýatlama güni hakynda

010.210.000

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 3, 176-njy madda)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň esaslandyran we berkarar eden, ata-babalarymyzyň dury pähim-parasadyna, münýullyklaryň dowamynda sünnälenen nusgawy däpleriniň çuňňur many-mazmunyna ýugrulan Mukaddes Ruhnamany, beýleki atalyk kitaplaryny we şadessanlaryny äleme peşgeş beren, il-halkymyzy mähremlik bilen gurşap, Gün kimiň çoýan, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň binýadyny tutan, her bir raýatymyzyň ruhubelent ýaşamagy, ata Watanymyzyň kuwwatlanmagy we gülläp ösmegi üçin önjeýli, halal zähmet çekmegi barada ýürekden alada eden, 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-inde biwagt aramyzdan giden Ilkinji Prezidentimizi hatyralap, karar edýärin:

1. Türkmenistanda her ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-ini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýatlama güni diýip yglan etmeli we şol gün ýurdumyzyň metjitlerinde sadakalaryň berilmegini, doga-aýatlaryň okalmagyny, halkymyzyň ruhuny galkyndyrýan, terbiýeçilik ähmiýetli beýleki çäreleri guramaly.

2. «Türkmenistanda baýramçylyklar we däp-dessurlar hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 19-nji fewralynda çykaran 302-nji Permanynyň 2-nji bölümine şu Permandan gelip çykýan üýtgetmäni girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhammedow

Aşgabat ş.

2007-nji ýylyň 2-nji marty

№ PP-4693