Türkmenistanyň XX Halk Maslahatyny çagyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň XX Halk Maslahatyny çagyrmak hakynda
010.110.050
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2007 ý., № 2, 102-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mizemezliginiň esaslarynyň biri bolan azyk garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, obalarymyzy galkyndyrmak, oba hojalyk önümçiligini barha ösdürmek ýörelgelerimizi dowam etdirip, ýurdumyzyň daýhanlarynyň has öndürijilikli zähmet çekmegi üçin zerur mümkünçilikleri döredip, ykdysady gatnaşyklary has-da kämilleşdirmek, oba hojalygyny özgertmek boýunça täze sepgitleri bellemek üçin işlenilip düzülen ýörelgelerimizi halkymyz bilen geňeşmek, nobatdaky Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek we oňa watandaşlarymyzdan gelýän teklipleri, ýüztutmalary öwrenmek maksadyna eýerip, şeýle hem "Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda" Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň XX Halk Maslahatyny 2007-nji ýylyň 30-nji martynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirmeli we onuň gün tertibine şu aşakdaky meseleleri hödürlemeli:
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we orunbasarlaryny saýlamak;
Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we onuň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmegiň hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň meseleleri.
2. Türkmenistanyň XX Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek we Halk Maslahatyna gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak, seljermek üçin Döwlet toparyny döretmeli (düzümi goşulýar).
3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhammedow
Aşgabat ş.
2007-nji ýylyň 28-nji fewraly
№ PP-4687
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2007-nji ýylyň 28-nji fewralynda
çykaran PP -4687-nji Permany bilen
tassyklanyldy
Türkmenistanyň XX Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek üçin döredilen Döwlet toparynyň
DÜZÜMI
Toparyň başlygy
Türkmenistanyň Prezidenti
Toparyň agzalary
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryjysy
Türkmenistanyň Prezidentiniň kömekçisi
Türkmenistanyň Baş prokurory
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri
Türkmenistanyň Goranmak ministri
Türkmenistanyň Içeri işler ministri
Türkmenistanyň Adalat ministri
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri
Türkmenistanyň Suw hojalyk ministri
Türkmenistanyň "Türkmenpagta" döwlet konserniniň başlygy
Türkmenistanyň Galla önümleri baradaky "Türkmengallaönümleri" assosiasiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň "Türkmenobahyzmat" assosiasiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň "Türkmenmallary" assosiasiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministri
Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmeleri ministri
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri
Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministri
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy
Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy
Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri,
Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň birinji sekretary
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň S.Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri