Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti ýatyrmak hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

No published translation is available — the official original (TK) is shown.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti ýatyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti ýatyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 8-9, 343-nji madda)

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilendigini göz öňünde tutup, karar edýärin:

1. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti ýatyrmaly.

2. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet Komiteti 1 aý möhletde ýatyrmak bilen bagly işleri kanunçylykda bellenen tertipde amala aşyrmaly.

3. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary S.Toýlyýew, O.Gurbannazarow, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 29-njy sentýabry.

№ PP-186