Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini döretmek hakynda
130.030.010
010.150.010
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2011-nji ýyl, № 9-10, 1518-nji madda)
Täze galkynyş zamanasynyň talaplaryna laýyklykda medeniýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri, ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, milli aýratynlyklaryny wagyz etmegi, milli sungatyň mundan beýläk hem yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini döredip, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligini ýapmaly.
2. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligini ýapylan Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň hukuk oruntutary hasaplamaly.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat ş.,
2011 ý. oktýabr aýynyň 17-i
№ PP-5870