Official texts · legal information of Turkmenistan

Official original Text snapshot · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

Official text as of 14.08.2026

Updated on the portal · 14.08.2026

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir Permanlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2017-nji ýyl, № 8-9, 331-nji madda)

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 14-nji fewralynda çykaran 3051-nji Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 105-nji maddasy) bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnamanyň 3-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite Atlasy (sanawy) -«ТНЕ PLUS SERIES PANTONE» boýunça Baýdagyň reňkleriniň şu ölçegleri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 348 C boýunça;

gyzyl reňk - 1795 C boýunça;

sary reňk - 123 C boýunça;

gara reňk - gara C boýunça.».

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran 3900-nji Permany (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 311-nji maddasy) bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugy hakyndaky Düzgünnamada:

2-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminden soň şu mazmunly täze «ç» kiçi bölümi goşmaly:

«ç) poliester (100%).»;

3-nji bölümini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Tuguň reňkleriniň dokma senagaty üçin reňkleriň ýörite Atlasy (sanawy) - «ТНЕ PLUS SERIES PANTONE» boýunça Tuguň reňkleriniň şu ölçegleri bellenilýär:

ýaşyl reňk - 348 C boýunça;

sary reňk - 123 C boýunça;

gara reňk - gara C boýunça.»;

şol Düzgünnamanyň 2-nji goşundysynyň 1-nji tablisasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugunyň we onuň ýüzündäki şekilleriň görkezijileriniň G1 setirini şu görnüşde beýan etmeli:

«G1 içinde sekiz gyraňlyk ýerleşen tegelegiň diametri 0,70B».

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 2-nji sentýabry.

№ PP-172